Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Hökümet mejlisinde ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, meýilnamalarda Türkmenistanda makroykdysady durnuklylygy, ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, amatly maýa goýum, işewürlik gurşawyny döretmek, sanly ulgamy we döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, ilatyň iş üpjünçiligini, durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, daşary ykdysady işi kämilleşdirmek, ulgama öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny, ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly tehnologiýalary ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we ykdysadyýet, maliýe, bank toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem