Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň möhüm desgasy bolan lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy maksat edinýän bu gezekki duşuşyga ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery» we Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.», «Korea Meditech Co. Ltd.» ýaly kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, önümçilik kärhanalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşýan “Garagum” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçileri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz geljekde lukmançylykda ulanyljak serişdeleri öndürmekden başlap, olary sarp etmäge çenli alnyp baryljak işlerde arassa, ekologik talaplara laýyk gelýän ýerli çig mallaryň ulanylmalydygyna, ondan alynjak önümiň ýokary hilli bolmalydygyna, içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmelidigine we galan böleginiň eksporta gönükdirilmelidigine ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulanylýan serişdeleriň hilini we berkligini aýratyn gözegçilikde saklamalydygyny belledi. Şunda gurluşyklaryň depgininiň ýokarlandyrylmagyna, işleriň häzirki zaman talaplaryna we dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň desgalarynda önümçiligi meýilleşdirilýän dürli görnüşli harytlary öndürmekde ulanylýan ýerli çig mallaryň ISO standartlaryna alnan laýyklyk güwänamalary we olaryň hil derejesi barada giňişleýin maglumat berdi.

Bu ýerde Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalaryny enjamlaşdyrmak wezipesiniň ynanylandygy we döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, ähli meýilleşdirilen işler ýokary hil derejesinde, kesgitlenen möhletlerde berjaý ediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, oňa yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmelidigini belläp, işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilip, görkezilen möhletinde tamamlanylmalydygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde öndürilýän önümleriň saglygy goraýyş ulgamynda işjeň peýdalanylýandygyny, olaryň ekologik taýdan arassadygyny nygtady. Şunda kärhanalarda ornaşdyryljak enjamlaryň önümçilik derejesiniň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi hökmany talap hökmünde kesgitlenendir.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem