Türkmenistanda ylym-bilim ulgamynda 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gözegçilik edýän düzümleriniň 2026-njy ýyl üçin taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Meýilnamalarda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar, ylym ulgamlaryna çekmek bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, ösüşlerini, milli medeni mirasymyzy wagyz etmek boýunça wezipeler we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem