Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dabaraly bellenildi. Aýratyn-da, ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýan paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli taryhy wakalar bolup geçdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dabaraly çärelere, şol sanda iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada daşary ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlar geldiler. Olaryň arasynda döwlet Baştutanlarydyr halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem bar. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa, Irak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Tatýana Walowaýa paýtagtymyza sapar bilen geldiler. Şeýle hem beýleki birnäçe döwletleriň hökümetleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri Aşgabat forumyna gatnaşdylar.
12-nji dekabrda ýokary derejeli wekiliýetleriň ýolbaşçylarydyr agzalary paýtagtymyzda durky döwrebaplaşdyrylan Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine goýulýan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde bu binanyň etegine gül desselerini goýdular we oňa tagzym etdiler. Soňra döwlet Baştutanlary Maslahatlar merkezine bardylar. Ol ýerde ilki hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy. Soňra forumyň açylyş dabarasy boldy. Ilki «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» diýen at bilen halkara forumyň plenar mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet we hökümet Baştutanlaryny, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, syýasatçylary, parlament agzalaryny, diplomatlary, alymlary we jemgyýetçilik işgärlerini foruma gatnaşýandygy üçin mähirli gutlap, myhmanlary türkmen topragynda görmegiň türkmen tarapy üçin uly hormatdygyny belledi. Forumda hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleri giň goldaw tapdy we jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.
Şeýle hem forum parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança boldy. Çärä gatnaşyjylar 30 ýyllyk Bitaraplyk syýasatynyň jemini jemläp, onuň sebit we dünýä howpsuzlygyny berkitmekde, özara hormat we deňhukuklylyk ýörelgelerini ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe daşary ýurt raýatlary «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we degişli ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy.
Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi guraldy. Oňa ajaýyp sene mynasybetli dürli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, halkara guramalaryň wekilleri hem baryp gördüler.
Baýramçylyk çäresi, şol sanda medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti paýtagtymyzda uly şatlyk bilen geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurt döwlet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşmagy konsertiň ähmiýetini artdyrdy. Estrada aýdymçylarynyň, teatr we tans toparlarynyň çykyşlary, folklor sahnasy bilen bilelikde, çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagyndaky bu dabaraly çäreler ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, gazanylýan ösüşler we halkyň bähbidine durmuşa geçirilýän iri taslamalar baradaky maglumatlaryň çeper görnüşde beýan edilmegine, olaryň waspynyň belentden ýetirilip, dünýä ýaýylmagyna mümkinçilik berdi.
Şanly senedäki taryhy wakalar, dabaralar ak mermerli Aşgabadyň asuda agşamyna bezeg beren baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlandy. Asman giňişliginde döredilen köpöwüşginli, gözel görnüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we ýurdumyzyň abadançylygyny alamatlandyrdy.