Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti geldi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin geldi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň sapary hem döwletleriň, halkara guramalaryň we bilermenler jemgyýetleriniň liderlerini dünýäde özara ynanyşmagy berkitmek, parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir meýdança jemlejek Aşgabat forumyna halkara derejede uly üns berilýändigini tassyklaýar.

Şeýle hem