Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurdumyza sapar bilen geldi.
Aşgabat Halkara howa menzilinde Türkiýe Respublikasynyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan mähirli garşylandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Türkmenistana gelendigi üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň saparynyň Garaşsyz türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasat ugrunyň giň goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrýandygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigi nygtalyp, geljekde onuň ähli ugurlar boýunça has-da ösdüriljekdigine ynam bildirildi.