Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýurdumyza sapar bilen geldi.
Prezident Masud Pezeşkianyň Aşgabada sapary däp bolan dostluk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan eýran-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklaýar.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýokary we Hökümet derejelerinde yzygiderli geçirilýän gepleşikler, özara saparlar dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berýär. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.