Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza sapar bilen geldi.
Aşgabat Halkara howa menzilinde Özbegistanyň Baştutanyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Ýurtlarymyz sebitde we halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, BMG-niň, GDA-nyň, TDG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.