Türkmenistana Täjigistanyň Prezidenti geldi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýurdumyza sapar bilen geldi.

Aşgabat Halkara howa menzilinde Täjigistanyň Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan mähirli garşylandy.

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykaryldy. Ýokary we Hökümet derejelerinde yzygiderli geçirilýän gepleşikler, özara saparlar dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berýär. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu bolsa özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Şeýle hem