Türkmenistana Gazagystanyň Prezidenti geldi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurdumyza sapar bilen geldi.

Aşgabat Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan mähirli garşylandy.

Türkmenistan Gazagystan Respublikasyna ygtybarly strategik hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we netijeli dialog ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Iki goňşy döwlet ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar halkara giňişlikdäki netijeli işleriň güwäsidir.

Şeýle hem