Türkmenistana Gruziýanyň Premýer-ministri geldi

Şu gün Gruziýa Respublikasynyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzäniň ýolbaşçylygyndaky gruzin wekiliýeti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yglan etmeginiň 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forum ýaly möhüm wakalar mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.

Türkmenistan bu iri foruma global waka we halkara gatnaşyklarda hil taýdan täze tapgyra geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan ähli döwletleri we halkara guramalary parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmek maksady bilen, syýasy, ideologiki we amaly taýdan bilelikde işlemäge çagyrýar.

Şeýle hem