“Türkmenistan" awiakompaniýasy” dynç almak we Awaza dynç alyş zolagynda ýerleşýän saglyk we syýahatçylyk merkezlerine syýahat etmek isleýän raýatlara ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin 2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan her gün 6 uçuş ýygylygy bilen Türkmenbaşy halkara howa menziline goşmaça uçuşlaryň gurnalandygyny habar berýär.
AŞGABAT-TÜRKMENBASHI-AŞGABAT
Şeýle hem, Balkanabat şäheriniň şypahanalarynda dynç almak isleýän ýolagçylar üçin Balkanabat halkara howa menzili bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlaryň arasynda göni marşrutlar ýola goýuldy:
Balkanabat - Aşgabat - Balkanabat
Balkanabat - Türkmenabat - Balkanabat
Balkanabat - Daşoguz - Balkanabat
Balkanabat - Mary - Balkanabat
Balkanabat - Kerki - Balkanabat