Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Turkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 1-nji martynda Antaliýa şäherinde, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşleri paýdarlar jemgyýeti bilen Turkiýe Respublikasynyň Turk Hava Kurumu Uniwersitetiniň arasynda gol çekilen “Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” laýyklykda, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Ýerine ýetiriji edarasynyň (Dolandyryş topary) 10.04.2025ý. senede ýygnagy geçirilip, ýygnakda Türkiýe Respublikasynyň Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetinde 2025-2029-nji okuw ýyllary boýunça Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlary taýýarlamak meselesine seredildi.


Şunuň bilen baglylykda, degişli ýygnakda dowamlylygy 4 ýyl möhletli bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetine kabul edişligi yglan etmek üçin dalaşgärleri saýlap seçip almak boýunça ýerine ýetirilmeli işler, geçirilmeli çäreler, dalaşgärleri saýlap seçip almagyň tertibi we olara bildirilýän esasy talaplar, olardan kabul edilmeli resmi iş kagyzlaryň sanawy we olaryň kabul ediş möhletleri, şeýle-de giriş synaglarynyň geçirilmeginiň möhletleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Ýokarda agzalanlar esasynda Türkiýe Respublikasynyň Türk aeronawtika birleşiginiň uniwersiteti bilen “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda, Türk aeronawtika birleşiginiň uniwersitetinde Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlary taýýarlamak maksady bilen, talyplary seçip saýlap almak üçin 2024-nji ýylyň 14-nji we 18-nji Iýul seneler aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Türk aeronawtika birleşiginiň uniwersitetiniň Rektorynyň gatnaşmagynda agzalýan uniwersitetiň birnäçe hünärmenleri tarapyndan synaglar geçirildi. Geçirilen synaglaryň netijesinde 3(üç) sany dalaşgär saýlanyp, agzalýan uniwersitete okuwa ýollandy.


Şeýle-hem, 2025-nji ýylyň 04-nji we 6-njy awgust seneler aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Türk aeronawtika birleşiginiň uniwersitetiniň Rektorynyň gatnaşmagynda agzalýan uniwersitetiň birnäçe hünärmenleri tarapyndan synaglary geçirildi. Geçirilen synaglaryň netijesinde 4(dört) sany dalaşgär saýlanyp alyndy.


Şeýle hem