Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň gatnaşyjylaryny garşylaýar

Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara baý bolan awgust aýyna gadam basdyk. Ýene sanlyja günden Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ilatynyň 7 göterimine golaýyny emele getirýän we 32 ýurtda ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň ykbalyna dahylly möhüm diplomatik çäre — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Şu günler bolsa Hazaryň gözel türkmen kenary iri forumyň ilkinji myhmanlaryny kabul edip başlady. Hemişe bolşy ýaly, olar türkmen myhmansöýerliginiň iň naýbaşy däpleri bilen garşylanylýar.


Awaza forumyndan köp zatlara garaşylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisini Türkmenistanda geçirmek baradaky çözgüt, bir tarapdan, Milletler Bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Bitarap Watanymyza bildirýän ynamyny alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, ýurdumyzyň dünýä derejeli iri çäreleri geçirmek boýunça toplan baý tejribesine berlen ýokary bahany hem aýdyň görkezýär. Oňa BMG-niň Baş sekretaryndan, birnäçe ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlaryndan başlap, raýat jemgyýetiniň wekillerine çenli, müňlerçe myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle tutumly çäräniň guramaçylyk ýagdaýynyň hem iň ýokary derejede bolmalydygy öz-özünden düşnükli. Şoňa görä, bu mesele Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň hut özleriniň gözegçiliginde saklanyldy. Forumyň ilkinji myhmanlarynyň garşylanylýan pursatlarynda taýýarlyk-guramaçylyk meseleleri babatda birnäçe aýlap edilen tagallalaryň ilkinji miweleri äşgär ýüze çykyp başlady.

Islendik ýat ile barlanda, adamlary ilki kabul edýän howa menzilinde şol ýurt bilen ilkinji tanyşlyk başlanýar. BMG-niň Awaza forumynyň myhmanlary hem Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde resmi-protokol kadalary esasynda, myhmansöýerlik bilen garşy alynýar. Bu ugurdaky işleriň iň ýokary talaplara laýyk gelmegi üçin howa menziliniň döwrebaplaşdyrylandygyny, halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynyň hem-de pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlarynyň innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigini nygtamak gerek. Munuň özi myhmanlaryň topar-topar bolup gelýän wagtynda gözegçilik barlaglaryndan bökdençsiz, şol bir wagtda-da dessin geçmegini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Şunda olary garşylamak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden we beýleki düzümlerden degişli wekilleriň, meýletinçileriň berkidilmegi ýüze çykyp biljek islendik meseläni ýa soragy öz ýerinde çözmäge ýardam edýär. Ýolagçy terminalynda duz-çörekli garşylanan daşary ýurtly wekiller ýörite berkidilen awtoulaglardyr dürli ululykdaky awtobuslar bilen Hazaryň dür-merjeni saýylýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ýola düşýärler.

Ine-de, Milli Liderimiziň ajaýyp binagärlik eseri, jenneti mekan — Awaza. Oňa barýan ýoluň ugrunda türkmen we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde ýazylan şygarlarda, her ýerlerde görnükli edilip ýerleşdirilen bannerlerde gözüň eglenýär. Adaja şemala parlap duran dürli ýurtlaryň baýdaklary, ýörite ekranlarda görkezilýän wideoşekiller bolsa Garaşsyz Watanymyzyň dost-doganlygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň mekanydygyny ýene bir ýola aýan-äşgär edýär. Myhmanlar Awazanyň ähli ajaýyplyklaryna — bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 11 müňden gowragyny kabul etmäge ukyby bolan kaşaň myhmanhanalardyr dynç alyş toplumlarynyň, kottejlerdir döwrebap şypahananyň, akwaparkdyr söwda merkezleriniň, seýilgähleriň gözelliklerine syn etmäge-de mümkinçilik alýarlar. 7 kilometre uzaýan Awaza derýasy hem derde melhem şypaly howasy bilen göwnüňi göterýän bu künjege özboluşly bezeg berýär...

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägindäki myhmanhanalardyr dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde, kottejler toplumlarynda ýerli we daşary ýurtly wekilleriň forumyň dowam edýän günlerinde wagtyny medeniýetli geçirmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Myhmanhanalara barýan optiki-süýümli aragatnaşyk we içki kabeller çekilip, Wi-Fi ulgamy işe girizildi, otaglarynda bolsa 200-den gowrak teleýaýlyma tomaşa etmäge mümkinçilik berýän «ÄlemTV» hyzmaty ýola goýuldy. Myhmanlaryň iýmit, lukmançylyk hyzmatlary bilen bagly meseleleri-de aýratyn üns merkezinde. Çäreleriň geçjek ýerlerinde, wekiliýet agzalarynyň ýaşaýan myhmanhanalarynyň eýwanlarynda milli mirasymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergileriň guralmagy bolsa halkymyzyň ruhy dünýäsi, däp-dessurlarydyr ýaşaýyş-durmuş medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde guraljak beýleki çäreleriň geçjek ýerlerinde, milli we daşary ýurtly žurnalistleriň wakalary dessin şöhlelendirmegi üçin ýörite gurnalan metbugat merkezinde döredilen şertler hem häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Bular barada biz indiki makalalarymyzda has anyk gürrüň ederis.

Hawa, Hazaryň türkmen kenary dünýä ähmiýetli forumyň ilkinji myhmanlaryny türkmen myhmansöýerliginiň iň ajaýyp däpleri bilen garşylap başlady. Biz hem olara «Gelen döwlet», «Güneşli Türkmenistana, gözel Awaza hoş geldiňiz, sapa geldiňiz!» diýip, döwletli maslahatyň üstünlikli geçmegini arzuw edýäris.

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti

Şeýle hem