«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi ähli zerur tapgyrlardan üstünlikli geçip, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) TRAINAIR PLUS maksatnamasynyň agzalyk güwänamasyny aldy.
Ýeri gelende bellesek, TRAINAIR PLUS maksatnamasy ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak arkaly howa ulaglarynyň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, bu güwänama okuw mekdebiniň raýat awiasiýasy boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin halkara ülňülerine laýyk gelmeginiň möhüm görkezijisidir.
Güwänamanyň alynmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň raýat awiasiýasyny ösdürmek maksatnamasynyň çäginde kesgitlän strategiki maksatlaryna laýyk gelýär. Şeýle hem, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň halkara derejede ykrar edilmegi sebit we halkara howa aragatnaşyk pudagynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrýar.