“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlaryny täzeden ýola goýýar. Degişli habar kompaniýanyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.
Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçuşlar hepdede iki gezek – duşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.
Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça uçuşlar bolsa hepdede iki gezek – çarşenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler.