«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi. Şeýlelikde, awiakompaniýa dünýäniň 12 uly şäherine uçuşlary amala aşyrar.

Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurtlaryň şäherlerine uçuşlar dürli ýygylyklarda amala aşyrylar.

Hepdede 2 gezek: Dubaý (BAE), Jidda (Saud Arabystany), Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Angliýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa) şäherlerine, şeýle hem hepdede bir gezek Abu Dabi (BAE) şäherine uçuşlar bolar.

Mundan başga-da hepdede 5 gezek Stambul (Türkiye) şäherine, hepdede 6 gezek bolsa Moskwa (Russiýa) şäherine uçuşlar amala aşyrylar.


Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem