Daşary
ýurtlaryň awiakompaniýalaryna degişli uçarlar ýurdumyzyň halkara howa
menzillerinde täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlary yzygiderli amala
aşyrýarlar. «Turkish Airlines», «Сибирские авиалинии», «China Southern»,
«Flydubai», şeýle hem Lýuksemburgyň Cargolux awiakompaniýasynyň ýük uçarlary
täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlarynda Aşgabadyň halkara howa menziliniň
hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Paýtagtymyzdaky halkara derejeli menzilde
2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 1088-si, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa
860-sy amala aşyryldy;
Türkmenabat
halkara howa menzilinde bolsa MY Freighter (Özbegistan), Terra Avia (Moldowa), GEOSKY Airlines (Gruziýa), MNG Airlines (Türkiýe)
awiakompaniýalary tehniki gonuşlary amala aşyrýarlar. Geçen ýyl bu halkara howa
menzilde daşary ýurt uçarlary 193 tehniki gonuşy amala aşyrdylar;
Türkmenbaşy
halkara howa menzilinde bolsa BELAVIA awiakompaniýasy täjirçilik maksatly
ýolagçy uçarlarynyň, Volga-Dnepr awiakompaniýasy bolsa tehniki gonuşlaryny
amala aşyrdy. Menzil 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 229-syny, täjirçilik
maksatly gonuşlaryň bolsa 114-sini kabul etdi;
Mary halkara
howa menzili bu babatda «Moalem
Aviation» LLC, «Sabsan Aviation»
(Gyrgyzystan), «Abu Dabi Aviation» (BAE) we «Ruby Star» (Belarus)
awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Menzilde 2023-nji ýylda tehniki
we täjirçilik maksatly gonuşlaryň hersinden 45-si amala aşyryldy;
Şeýle hem
Daşoguz halkara howa menzili geçen ýylda tehniki gonuşlaryň 46-syny kabul etdi.