Umumy düzgünler

COVID-19 pandemiýasy döwründe ýörite uçuşlar bilen Türkmenistana gelýän ýolagçylaryň dykgatyna.

“Türkmenhowaýollary” agentligi Türkmenistanda COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça pudagara döwlet toparynyň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen howa gatnawynyň 2021-nji ýylyň 15-nji dekabryna çenli çäklendirilendigini habar berýär. Bu daşary ýurt howa gatnadyjylary tarapyndan bellenen tertipde, ýörite rugsatly hem-de bellenen halkara howa menzili boýunça howa ulagyna we ýolagçylara hyzmat etmek bilen Türkmenistana amala aşyrylýan uçuşlara degişli däldir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýrugy boýunça raýatlaryň, Türkmenistana gelenlerinden soň, şu aşakdaky lukmançylyk resminamalarynyň bolmagy zerurdyr:

- polimeraza zynjyr reaksiýasy PСR testini geçenligi barada (berlen gününden azyndan 72 sagat bolan ýagdaýynda);
- gandaky antitelalaryň (IgM, IgG) hromatografiki usul bilen kesgitlenendigi barada (berlen gününden azyndan 72 sagat bolan ýagdaýynda);
- COVID-19-a garşy sanjymy alandygy baradaky şahadatnamasy.

Raýatlar Türkmenistana gelenlerinden soň, 21 günlük hökmany saglyk çäklendirmelerini geçmeli bolarlar.

Ýokarda görkezilen resminamalaryň bolmazlygy raýatlaryň Türkmenistana girmek hukugyny ret etmäge esas bolup durýar.

Türkmenistandan daşary ýurtlara uçýan raýatlar hem barjak ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň degişli talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar (testleriň berilmegi we bu ýurtlaryň çägine girmek üçin beýleki talaplar).

Türkmenistanyň raýatlaryna we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan adamlara ýokanjyň giň ýaýran ýurtlaryna (BSGG-nyň sanawyna laýyklykda) syýahat etmekden ýa-da barmakdan saklanmak maslahat berilýär.

Şeýle hem ýokanç testi položitel çykan ýolagçylar uçuşa kabul edilmeýär. Daşary ýurtlara gidýän türkmenistanly ýolagçylar, ilki bilen barmaly ýurdunyň düzgünleri bilen tanyşmalydyrlar. Giňişleýin maglumatlary şu salgydan alyp bilersiňiz. https://www.iatatravelcentre.com/world.php

COVID-19 pandemiýasy döwründe ýörite uçuşlar bilen Türkmenistana gelýän ýolagçylaryň dykgatyna ýetirilýär.

Bu uçuşlar aşakdaky talaplara laýyk gelýän adamlara rugsat edilýär:

• Türkmenistanyň raýatlary;
• Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we konsullyklaryň işgärleri we ýolbaşçylary, şeýle hem olaryň maşgala agzalary;
• Maşgala agzalary Türkmenistanyň raýaty bolan daşary ýurt raýatlary (ýanýoldaşy, ene-atalary, doganlary, uýalary, çagalary, ene-atalary ýa-da agtyklary), şeýle hem bu ýolagçylaryň maşgala agzalary — ýanýoldaşlary, ene-atalary we çagalary;
• Türkmenistanda işlemäge rugsady bolan daşary ýurtlylar.
• Türkmenistanda hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan daşary ýurtlylar, şeýle hem bu ýolagçylaryň maşgala agzalary (ene-atalary, ýanýoldaşlary ýa-da 18 ýaşa çenli çagalar);

Uçuş üçin hasaba alyş wagtynda adamlar ýokarda bellenen ähli aýratynlyklary, uçuşdan 72 sagat öň alnan koronawirus üçin PCR testiniň negatiw netijesi baradaky şahadatnamany bermeli. Bir ýaşa çenli çagalara PCR testini tabşyrmagyň zerurlygy ýokdur.

Çaganyň ýaşy uçuşyň senesine laýyklykda hasaplanýar.

“Türkmenhowaýollary” agentligi Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň — Aşgabat halkara howa menziliniň, Türkmenbaşy halkara howa menziliniň, Türkmenabat halkara howa menziliniň, Kerki halkara howa menziliniň, Daşoguz halkara howa menziliniň hem-de Mary halkara howa menziliniň tehniki taýdan gonuş üçin, şeýle hem ýolagçylaryň COVID-19-yň PCR şahadatnamasy (berlen senesinden azyndan 72 sagat bolan ýagdaýynda) ýa-da gelmeginden öň 42 günden uzak bolmadyk wagtda COVID-19 sanjymyny alanlygy baradaky şahadatnamasy bolan ýolagçy gatnawlaryny kabul etmek we uçarlara hyzmat etmek üçin açykdygyny habar berýär.

Türkmenistanyň howa menzillerine gonmaga rugsat almak üçin arzalar uçuşyň meýilleşdirilen wagtyndan öň 24 sagadyň dowamynda iberilmelidir.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti häzirki wagtda hepdede iki gatnaw ýygylygynda Aşgabat — Frankfurt — Türkmenabat ugry boýunça, hepdede üç gatnaw ýygylygynda Türkmenabat — Pekin — Türkmenabat, hepdede bir gatnaw ýygylygynda Türkmenabat — Stambul — Türkmenabat, hepdede bir gatnaw ýygylygynda Türkmenabat — Almaty — Türkmenabat, hepdede bir gatnaw ýygylygynda Türkmenabat — Bangkok — Türkmenabat ugurlarynda ýük daşamalaryny amala aşyrýar.

Şeýle hem