07.02.2023 ý. Aşgabat:
tk ru en

Birleşen Arap Emirliklerine gidýän Arap döwletleri üçin Hyzmatdaşlyk geňeşiniň raýatlary üçin giriş diňe pasportlar bilen mümkindir. Milli şahsyýetnama bilen girmäge rugsat berilmeýär. 

Dubaý howa menziline syýahat edeniňizde.

Dubaýyň emirliginden başga beýleki emirlikleriň rezident wizalarynyň eýelerine bilet satyn almazdan ozal web sahypasyndaky wizalarynyň dogrulygyny barlamak maslahat berilýär. BAE raýatlaryndan başga ähli ýolagçylar, 12 ýaşa çenli çagalar we Dubaýa gidýän  maýyplar, negatiw COVID-19 synag netijesi bilen arap ýa-da iňlis dilinde çap edilen şahadatnamany bermeli. PSR tarapyndan soňky nokatdan (Dubaýdan göni Moskwa ýa-da Sankt-Peterburgdan uçuş) gidýän ýurtda akkreditlenen lukmançylyk edaralarynda ýa-da Pure Health tarapyndan akkreditasiýa edilen laboratoriýada 72 sagat öňünden ýerine ýetirilýär. Mundan başgada ýolagçylaryň hemmesini ugramazdan ozal COVID-19 DXB programmasyny göçürip almaly.

PSR şahadatnamasynyň güýjüniň wagty biomaterialdan alnan gününden hasaplanýar. Jübi sanly nusgalary, SMS tassyklamalary we golýazma synaglary kabul edilmez. Dogry PSR synagy ýok bolsa daşaýjy uçara münen ýolagçyny ret etmäne haky bar. BAE howa menzillerinden üstaşar geçýän ýolagçylar COVID-19 synag netijelerini goşmak bilen barlamaly ýer talaplaryna laýyk gelmelidir.

Syýahatçylyk maksady bilen Dubaýa gelýän ýolagçylaryň tassyklanan gaýdyp bileti, BAE-de hereket edýän lukmançylyk ätiýaçlandyryşy we COVID-19 keseli ýüze çykan halatynda bejergini öz içine alýan bolmaly. Dubaýa gelensoň, ähli ýolagçylar PSR synagyndan geçmeli. Giriş talaplary barada has giňişleýin maglumaty DXB Alert Dubai Airports howa menziliniň web sahypasynda tapyp bilersiňiz. 

Duýduryş:

Dubaý howa menzilleri: 

Abu-Dabiniň howa menziline syýahat edeniňizde:

Abu-Dabiniň Emirliklerine (üstaşar geçmek üçin hem) 12 ýaşa ýetmedik çagalardan başga ähli ýolagçylar, 48 sagat öň PSR tarapyndan geçirilen negatiw COVID-19 synagy bilen arap ýa-da iňlis dilinde çap edilen şahadatnamany bermeli. Gidýän ýurtda akkreditlenen lukmançylyk edaralarynda ýa-da Pure Health tarapyndan akkreditlenen barlaghanada iň soňky nokatdan (Abu-Daba göni uçuş). Mundan başgada ähli ýolagçylar ugramazdan ozal ICA programmasynda we Al-Hosn programmalarynda göçürip almaly we hasaba alynmaly.PSR şahadatnamasynyň güýjüniň wagty biomaterialdan alnan gününden hasaplanýar. Jübi sanly nusgalary, SMS tassyklamalary we golýazma synaglary kabul edilmez. Dogry PSR synagy ýok bolsa, daşaýjy uçara münen ýolagçyny ret etmäne haklydyr. Abu-Dabi syýahatçylyk maksady bilen gelýän ýolagçylaryň tassyklanan gaýdýan bileti Birleşen Arap Emirliklerinde  hereket edýän lukmançylyk ätiýaçlandyryşy we  COVID-19 keseli ýüze çykan halatynda bejergini öz içine alýan bolmaly. Abu-Dabi gelýän ähli ýolagçylar PSR synagyndan geçirmeli. Abu-Dabidäki howa menzillerinden gidýän ähli ýolagçylaryň howa menzilinden çykmazyndan 72 sagat öň geçmeli negatiw PSR synagyndan geçmelidigini ýadyňyzdan çykarmaň.