«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Türkmenistanyň hünär bilimi bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar

27-nji fewralda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen Okuw-usuly geňeşiň mejlisi geçiriler.

Bu çäre Türkmenistanyň hünär bilimi ulgamyny ösdürmekde strategik ähmiýete eýedir. Ol ýurduň öňdebaryjy orta hünär okuw mekdepleriniň tagallalaryny birleşdirip, okuw maksatnamalarynyň we usulyýetiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Okuw-usuly geňeş tejribe alyşmak, innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak we dürli ugurly hünär okuw mekdepleriniň işini utgaşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder. Geňeşiň agzalarynyň hyzmatdaşlygynyň maksady, hünärmenleri häzirki zaman zähmet bazarynyň talaplaryna hem-de döwletimiziň bilim standartlaryna laýyklykda taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Çäräniň meýilnamasynda hünär bilimini ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça dürli okuw edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary göz öňünde tutulýar. Mejlisiň dowamynda daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmak, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda döwlet bäsleşiklerini guramak we okuw maksatnamalaryna DUAL bilim ulgamyny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişi aýratyn üns merkezinde bolar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň we Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri hasabat bilen çykyş ederler.

Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar üçin «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň trenažor merkezi we sergi zallary boýunça ýörite ekskursiýa guralar.

Şeýle hem