Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek.

2. Aerodromlaryň tehniki taýdan ulanylyşy.

3. Ýangyna garşy goragyň guralyşy we tehnikasy.

4. Awiasiýa ýangyç-çalgy serişdeleriniň öndürilişi, saklanylyşy, daşalyşy, guýluşy we olaryň hil barlagy.

5. Ulaglardaky serwis (ulaglaryň görnüşleri boýunça).

Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti  2,5 ýyl.

Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 

Dalaşgärleriň ýaşy 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusga boýunça mekdebiň direktorynyň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 

narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwahat;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

—  pasportyny;  

—harby şahadatnamasyny. 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.  

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär:

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde ýazmaça we dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., aeroport, tel.:23-34-21.

Şeýle hem