«Türkmenistan» awiakompaniýasy BAE ugurlary boýunça gatnawlary wagtlaýyn togtatdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny doly üpjün etmek maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrylýan käbir howa gatnawlaryny wagtlaýynça ýatyrdy. Degişli habara görä, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar 2026-njy ýylyň 15-nji iýunyna çenli togtadylýar.

Ýatyrylan gatnawlaryň biletlerini satyn alan ýolagçylar üçin amatly şertler döredildi. Ýolagçylar awiapeteklerini hiç hili tutumsyz, doly bahasynda yzyna gaýtaryp bilerler ýa-da uçuş senelerini iň ýakyn amatly günlere mugt üýtgedip bilerler. Resmileşdirme amallaryny ýerine ýetirmek üçin petekleriň satyn alnan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň ýerli hem-de daşary ýurtlardaky resmi wekilhanalaryna ýüz tutmak maslahat berilýär.

Şeýle hem awiakompaniýanyň resmi internet sahypasyndan we onlaýn platformalaryndan satyn alnan petekler ýatyrylan ýagdaýynda, olaryň pul serişdeleriniň töleg geçirilen bank kartyna awtomatiki usulda yzyna gaýtaryljakdygy mälim edildi. Gatnawlaryň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ýolagçylardan ötünç soraýan awiakompaniýa, iň soňky täzelikleri yzarlamak üçin resmi saýty ulanmagy haýyş edýär we goşmaça maglumat almak üçin Aşgabatdaky hem-de Dubaýdaky telefon belgilerini mälim edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

1. Dubai şäheri:

• Telefon belgisi: +971 50 280 05 08

• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com

2. Türkmenistan:

• Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18

• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

 

Şeýle hem