Türkmen aragatnaşykçylary maglumat howpsuzlygy boýunça halkara kiber çempionatynda ýeňijileriň üçlügine girdi

«Russiýanyň sanly senagat industriýasy» maslahatynyň çäklerinde kiberdurnuklylygyny barlamak we halkara derejesinde tejribe alyşmak üçin onlaýn bäsleşik geçirildi.

Iki tapgyrda geçirilen çempionata dürli ýurtlardan 40 topar gatnaşdy. Russiýadan, Türkmenistandan we Mýanmydan 7 topar finala çykdy.

Kiber çempionatda toparlar möhüm desganyň IT düzümlerine haker hüjümlerini serpikdirmekde bäsleşdiler. «Türkmentelekom» topary bäş hünärmenden ybarat bolup hakyky kiberhowplary modelirlemek bilen baglanyşykly çylşyrymly meseleleri çözüp, 2015 utuk toplap, üçünji orny eýeledi. Ilkinji iki ýeri Russiýanyň toparlary aldylar.

Öňdeligi eýelän üç topar DK-niň «Solar» we kiber çempionatynyň tehnologiýa hyzmatdaşlaryndan, «Howpsuzlyk kody» we «Kasperskiniň laboratoriýasyndan» maglumat howpsuzlygy önümlerini ulanmak üçin şahadatnama aldylar.

Russiýa Federasiýasynyň sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministrliginiň we Rostelekomyň guran halkara kiber çempionaty ählumumy kiberjenaýatçylyga garşy tagallalary utgaşdyrmak, maglumat howpsuzlygy pudagyndaky hünärmenleriň özara gatnaşygy üçin amaly başarnyklary, kiberhüjümlere garşy göreşmekde tejribe alyşmak arkaly halkara jemgyýetçiligini ösdürmek maksady bilen geçirilýär.

Hünärmenler howplara garşy durmaga, ösen tehnologiýalara, gurallara we taktikalara başarnygyny, şeýle hem toparda sazlaşykly işe taýýardygyny görkezýärler.


Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Şeýle hem