Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 8-nji noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 449 müň 464 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 997 müň 775 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem