Hasyl baýramy mynasybetli çagalara Türkmenistanyň ýolbaşçylaryndan sowgat gowşuryldy

Ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşuryldy. Çagalar bu sowgatlary Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk bilen kabul etdiler.

Çäreleriň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini bellediler.

Bagtyýar nesiller özleri hakynda edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem