Türkmenistanyň Ilçisi Indoneziýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Jakarta şäherinde, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetniýaz Maşalowyň Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Prezident Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmasynyň bardygy bellenildi.

Pursatdan peýdalanyp, Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrýandygy baradaky maglumaty ýetirdi.

Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Sugiononyň bu ýurda täze bellenen Ilçileri bilen çaý başyndaky duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Indoneziýanyň ministri Ilçiniň diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.


Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem