Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Arkadag şäherinde 8-nji noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.

Bu ýerde aýdymçylar bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Gahryman Arkadagymyz sungat ussatlary bilen söhbetdeş bolup, olara milli sungatymyza, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna, bedewlerimize, alabaýlarymyza, halylarymyza, belent daglarymyza, gözel tebigatymyza buýsanyp, olary öz eserlerinde wasp etmek barada maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga bermek üçin niýetlenen ýere geldi. Taryhy ähmiýetli waka gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen türkmen halkynyň Milli Liderinden ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi.

Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde nobatdaky möwsümiň ilkinji bag nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.

Çärä gatnaşyjylar hem Gahryman Arkadagymyzyň göreldesinden ruhlanyp, uly höwes bilen bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň we ýaşuly nesilleriniň ählihalk çäresine işjeň gatnaşýandygynyň, halkymyzyň sogap işlere aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda kömege mätäç çagalara mundan beýläk-de yzygiderli goldaw bermek babatda maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz döwletli işe dahylly bolýan, saglygyny dikeldip, bu gün bagtyýar durmuşyň hözirini görýän çagalara buýsanýandygyny aýtdy.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem