Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Waşington şäherine iş saparynyň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy.

Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşmak üçin Ak tama gelmäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu formatyň ýurtlarymyzyň arasynda ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi we bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra döwlet baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammitde çykyş etdi hem-de ABŞ-nyň Kongresiniň we kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem