Arkadag şäheri Kazanyň jemagat ulgamyny sanlylaşdyrmak tejribesi bilen tanyşýar

Kazan şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň wekiliýeti şäheriň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy Rustem Gafarow bilen duşuşdy.


Ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow bar. Duşuşyga şeýle hem Kazan şäheriniň munisipal edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Ýewgeniýa Lodwigowa hem-de şäheri özgerdiş merkeziniň ýolbaşçysy Dmitriý Kremlew gatnaşdylar.


Tatarystanyň Respublikasynyň paýtagtynyň kommunal ulgamlary sanlylaşdyrmak babatda tejribesini öwrenmek we ony geljekde döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine ornaşdyrmak, duşuşygyň esasy maksady boldy. Şunuň bilen baglylykda, Kazan şäheriniň wekilleri jemagat hojalygy ulgamyndaky dürli amallary sanlylaşdyrmak, hususan-da, “Açyk Kazan” ulgamyny we “Howpsuz şäher” taslamasyny durmuşa geçirmek babatda toplan tejribelerini paýlaşdylar.


“Açyk Kazan” maglumat hyzmaty şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň 80 göterimini gurşap alýar. Bu ulgamyň we onuň mobil goşundysynyň kömegi bilen ýaşaýjylar suw-, elektrik üpjünçiligi, liftleriň işleýşi, eýesiz haýwanlaryň tutmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüz tutup bilýärler.


“Bu ulgam raýat goragy müdirliginiň ýanyndaky bitewi nobatçy dispetçer gullugyna birikdirilip raýatlardan howpsuzlyk bilen baglanyşykly ähli ýüztutmalary kabul edýär diýip Kazanyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary Iskander Giniýatullin aýtdy.


“Açyk Kazan” ulgamy “Howpsuz şäher” taslamasy bilen birleşdirilip, onuň çäklerinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi wideo kameralar bilen üpjün edildi. Ýerine ýetiriji komitet IIM bilen ylalaşyp, her üç aýdan şeýle enjamlary gurnamagyň tertibini işläp taýýarlaýar.


“Biz dostlukly ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinden gelen myhmanlary Kazanda mübäreklemäge şatdyrys. Bu ýerde ýurduňyzyň baş konsullugy işleýär, geçen ýyl bolsa Kazan we Arkadag şäherleriniň doganlaşmagy barada ylalaşyga gol çekildi. Türkmenistanly myhmanlara Tatarystanyň paýtagtynda geçirilýän iri çärelere hemişe garaşýarlar. Biz ýakyn ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklaýarys” - diýip, Rustem Gafarow wekiliýetiň agzalaryna ýüzlendi.


Tatarystany we Türkmenistany diňe medeni gatnaşyklar däl, eýsem söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy hem baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda özara haryt dolanyşygy 13 göterim artdy.


“Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Men şäheriň ýaşaýjylarynyň türkmen harytlarynyň dükanlarymyzda satylmagyny goldajakdyklaryna ynanýaryn. Biziň sizden öwrenmeli zatlarymyz bar, biz hem öz gezegimizde, toplan tejribämizi paýlaşarys” - diýip, Kazanyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy aýtdy.


“Bildirilen myhmansöýerlik üçin sag boluň, Kazan şäherinde bolmak biziň üçin örän ýakymly. Sizde ähli kommunal hyzmatlary seljerýän ulgamyň bardygyny bilýäris. Biz hem bu meselä uly üns berýäris, sebäbi häzirki wagtda şäherde işleýänleriň aglabasy ýaşlar. Biziň şäherimiz örän gözel, ýöne ýaşaýjylar üçin howpsuzlyk we hyzmatlar hem zerurdyr. Biz siziň tejribäňizi öwrenip, Arkadag şäherinde hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak isleýäris” - diýip, Derýageldi Orazow aýtdy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy şäherde ýagyş suwuny ýygnaýan ulgamyň ulanylýandygyny aýtdy. Bu ulgam kanallardan alynýan suwuň möçberini 50 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem geljekde Arkadag şäherinde derman senagatyny ösdürmek maksady bilen, lukmançylyk klasterini gurmak meýilleşdirilýär.


Çeşme: Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy

Şeýle hem