Aşgabat şäheriniň ähli döwrebap mümkinçilikleri bolan halkara howa
menziline dünýä döwletleriniň meşhur awiakompaniýalary hem iri şäherlere
halkara uçuşlary yzygiderli amala aşyrýarlar. Şolaryň biri hem Hytaý Halk
Respublikasynyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan amala
aşyrylýan Urumçi (HHR) ― Aşgabat (Türkmenistan) ― Urumçi (HHR) howa gatnawydyr.
Häzirki wagtda bu gatnaw hepdede bir gezek, ýagny her hepdäniň çarşenbe
günleri amala aşyrylýar. Ýöne awiakompaniýa ýolagçylaryň ösen isleglerini
kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ugur boýunça uçuşlaryň sanyny şu ýylyň
18-nji maýyndan başlap, hepdede iki gezege çykarmagy meýilleşdirilýär. Şol
günden soň Urumçi ― Aşgabat ― Urumçi aralygynda hepdäniň ýekşenbe günlerinde
hem uçuşlar amala aşyrylyp başlanar.
Ýeri gelende aýtsak,
«Türkmenhowaýollary» agentligi we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk saklaýan dünýä
döwletleriniň meşhur awiakompaniýalary tarapyndan merjen paýtagtymyzy we
ýurdumyzyň beýleki şäherlerini dünýä daşary ýurtlaryň iri şäherleri bilen
baglanyşdyrýan göni howa gatnawlarynyň sany barha artdyrylýar. Bu bolsa
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
«Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýlen
nurana ýörelgeleriniň durmuşa geçirilýändigini subut edýär.