«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde 2025-nji ýylyň 5-9-nji maý aralygynda Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan (ECAC) raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy boýunça durmuşa geçirilýän “Afrikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýada raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy (CASE II)” taslamasynyň çäklerinde okuwlar geçirildi.
CASE II taslamasynyň umumy maksady özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly, sebitiň hyzmatdaş döwletleriniň raýat awiasiýasynyň howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin raýat awiasiýasyna abanýan dürli howplara garşy durmakdan ybaratdyr.
Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasyndan (ECAC) gelip gowşan teklipler esasynda 2025-nji ýylyň dowamynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň we onuň garamagyndaky halkara howa menzilleriniň awiasiýa howpsuzlygy boýunça hünärmenleri şu okuwa gatnaşdylar.
Hünärmenlerimiziň bu okuwlary üstünlikli tamamlandygy babatynda degişli sertifikatlar gowşuryldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, şeýle görnüşli okuwlaryň geçirilip durmagy we netijede türkmen hünärmenleriniň öz ugurlary boýunça bilimlerini halkara derejesinde artdyryp bilmegi üçin döredilýän mümkinçilikler, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.