«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň we «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenlerinden ybarat topar 3 — 10-njy maý aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilýän hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşmak üçin iş saparyna iberildi.
Türkmenistanly hünärmenler iş saparynyň dowamynda Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA) okuw merkezinde geçirilýän «Dangerous Goods Regulations (DGR) for accepting DG consignments» (Howply harytlaryň iberilmegini kabul etmek üçin howply harytlary daşamagyň düzgünleri) atly okuw sapaklaryna gatnaşýarlar.
Türkmen hünärmenleriniň bu okuw sapaklaryna gatnaşmagy Türkmenistanda raýat awiasiýasyny ösdürmek we ýurduň halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin strategiki ähmiýete eýedir.
Hünärmenleriň hünär derejesini halkara howpsuzlyk ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamyna has işjeň goşulmagyna şert döreder hem-de ýurduň halkara hyzmatdaşlygy babatda açyk gapylar syýasatyna ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolar.