Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dabaralar we ýokary derejeli halkara forum milli hem ählumumy derejede uly ähmiýete eýe boldy. Bu şanly seneler diňe bir baýramçylyk çäreleri bilen däl, eýsem parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ideýalarynyň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy bilen hem tapawutlandy.
Baýramçylyk hepdesiniň esasy wakalary ak mermerli Aşgabatda jemlendi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we Halkara Bitaraplyk gününiň çäklerinde paýtagta dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary derejeli wekiliýetler geldiler. Bu ýagdaý Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.
12-nji dekabrda forumyň myhmanlary durky döwrebaplaşdyrylan Bitaraplyk binasynyň etegine gül desselerini goýup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine bolan hormatyň nyşanyny görkezdiler. Soňra Maslahatlar merkezinde halkara forumyň «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlisi açyldy.
Forumyň açylyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, Aşgabada gelen myhmanlary mähirli mübärekledi hem-de Bitaraplygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň mizemez binýady bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlary forumyň dowamynda giň goldawa eýe boldy we jemleýji resminama — XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň strategik ýoluny kesgitleýän Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.
Forumyň dowamynda çykyş eden Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy berkitmekdäki ornuna ýokary baha berdi. Ol:
«Türkmen döwleti Merkezi Aziýa sebitinde we bütin dünýäde mynasyp hormata eýedir. Hemişelik bitaraplyk Türkmenistanyň garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ugruny kesgitledi» diýip belledi.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan öz çykyşynda parahatçylyk bilen ynanyşmagyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýratyn nygtady:
«Ynanyşmak — hyzmatdaşlygyň binýady, tapawutlaryň arasyndaky köpri. Ol duşmançylygy dialoga öwürýär» diýip, ol aýtdy.
BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Tatýana Walowaýa bolsa Aşgabadyň sebitde öňüni alyş diplomatiýasynyň merkezine öwrülendigini belläp:
«Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda parahatçylyk üçin ýurtlary birleşdirýän özboluşly köpri bolup hyzmat edýär» diýdi.
Sebit döwletleriniň Baştutanlary hem Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdiler. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon häzirki ählumumy durnuksyzlyk şertlerinde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetli bolandygyny belledi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bitaraplygyň ýurduň içerki durnuklylygynyň we halkara abraýynyň binýady bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli diplomatiýasynyň sebit hyzmatdaşlygy üçin nusga bolup durýandygyny nygtadylar.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan çykyşynda türkmen halky bilen doganlyk gatnaşyklaryna ünsi çekip:
«Türkiýe geljekde hem Türkmenistanyň abadançylygyny we durnuklylygyny berkitmäge goşant goşmaga taýýardyr» diýip belledi. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bolsa Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmekdäki ornuny parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýanyň aýdyň mysaly hökmünde häsiýetlendirdi.
Forum diňe çykyşlar bilen çäklenmän, parahatçylygyň we ynanyşmagyň institusional esaslaryny berkitmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen hem tapawutlandy. BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek, Parahatçylygyň bähbidine araçylyk palatasyny esaslandyrmak, şeýle hem Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak baradaky teklipler forumyň esasy mazmunyny düzdi.
Şanly seneler mynasybetli paýtagtda geçirilen sergiler, medeni çäreler we konsertler baýramçylyk ruhuny has-da belende çykardy. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt döwlet Baştutanlary bilen bilelikde konserte gatnaşmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlanan dabaralar Aşgabadyň asuda asmanynda parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryň nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler ýurdumyzyň diňe bir öz halky üçin däl, eýsem tutuş halkara jemgyýetçiligi üçin parahatçylykly ösüşiň ygtybarly nusgasyna öwrülendigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Aşgabat forumy bolsa XXI asyrda dialogy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde taryha girdi.