BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça maslahatynyň myhmanlaryny Türkmenbaşy Halkara howa menzili garşylady

Türkmen halkyna mahsus bolan mähir we myhmansöýerlik bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 5–8-nji awgust aralygynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň myhmanlaryny garşylady.Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili dürli ýurtlardan uçarlary yzly-yzyna kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin goňşy ýurtlaryň Liderleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldiler.Munuň özi halkara foruma uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.Bu maslahat täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyna öwrüler.Ählumumy meseleleriň ençemesini öz içine alýan iri forum dünýä bileleşiginiň bu waka uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.


Foruma gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň düzümi giň möçberli halkara çäräniň taryhyähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.Maslahata gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlary mukaddes toprakda türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanýandyklary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.Foruma gatnaşýanlaryň pikirine görä, onda kabul ediljek çözgütler dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir eder.

Halkara maslahata gatnaşyjylara ýokary hilli hyzmatlar hödürlenilýär, bu bolsa myhmanlarda türkmen topragy barada ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.


Şeýle hem