Türkmenistanyň Halk Maslahaty ulag ulgamynyň geljekki ösüşlerine täze mümkinçilikleri açýar

Aşgabat şäherinde 23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bu taryhy mejlis döwletimiziň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitleýän, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilen aýratyn ähmiýetli wakasy boldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kabul edilen çözgütler Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň esasy maksadynyň halkyň bagtyýar geljegini üpjün etmekden, ýaş nesiller üçin giň mümkinçilikleri döretmekden we ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmakdan ybaratdygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag ulgamynyň, şol sanda raýat awiasiýasynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda döwrebap howa menzilleri gurlup, howa gatnawlarynyň mümkinçilikleri giňeldildi, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyryldy, halkara talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlar ýola goýuldy. Bu işler ýurdumyzyň ulag düzümini kämilleşdirmäge, halkymyzyň hereket mümkinçiliklerini giňeltmäge we Türkmenistanyň dünýä ulag ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň ulag pudagynda gazanylýan üstünlikler diňe bir döwrebap infrastrukturalaryň döredilmegi bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen hem berk baglanyşyklydyr. Howa, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň sazlaşykly ösüşi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, sebitleriň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge we halkymyza amatly hem ygtybarly hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler bu ugurdaky işleri täze sepgitlere ýetirmek üçin möhüm ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Ulag ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýaş hünärmenler üçin täze iş we bilim mümkinçiliklerini döredýär, ýaşlaryň döwrebap hünärleri özleşdirmegine, halkara tejribesini öwrenmegine giň şertler döredýär. Şeýle başlangyçlar diňe bir ykdysady ösüşe däl, eýsem, jemgyýetiň abadançylygyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, şol sanda ulag ulgamyndaky beýik ösüşleriň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty we parasatly başlangyçlary durýar. Onuň ýolbaşçylygynda döredilen ösüş strategiýasy Garaşsyz Türkmenistanyň ähli ugurlarda täze belentliklere ýetmegine, ykdysady kuwwatynyň artmagyna we halkara abraýynyň pugtalanmagyna berk esas döretdi.

Häzirki döwürde bu asylly ýol Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkyň abadançylygyna, döwletimiziň durnukly ösüşine, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen parasatly syýasaty ýurdumyzyň geljegine bolan ynamy has-da güýçlendirýär. Ulag ulgamynda amala aşyrylýan täze taslamalar, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň ösüş ýolunyň aýdyň beýany bolup durýar.

Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe sürlen maksatlar we kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň her bir pudagynyň, şol sanda ulag ulgamynyň geljekki ösüşine uly itergi berer. Bu çözgütler halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, ýaş nesiller üçin bagtyýar geljegi döretmek we Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatyny has-da artdyrmak ýaly belent maksatlara hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýäris. Goý, olaryň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz mundan beýläk-de gülläp ösüp, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, parahatçylygynyň we abadançylygynyň mekany bolsun.

Mähriban halkymyzy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, Garaşsyzlygymyzyň nurana ýoly hemişe açyk bolup, ata Watanymyz täze üstünliklere, belent ösüşlere we rowaçlyklara tarap ynamly gadam bassyn!

Şeýle hem