Ykdysadyýetiň esasy şahasy

Ulag ulgamy — milli ykdysadyýetimiziň esasy şahasy. Ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagynda pudagyň amal edýän işleri uly ähmiýete eýe. Häzirki döwürde «Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan ulag ulgamynda sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birlikde transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Ulag ulgamlarynyň batly depginlerde ösdürilmegi, täze durmuş-ykdysady şertleriniň döredilmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegine, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki döwletleri we halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär.

Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyçlar milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Bu ýol köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de şol ýurtlaryň dünýä ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam etmelidir.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Ulaglar ulgamy ýurduň «çylşyrymly bedeninde» özboluşly «damar ulgamynyň» wezipesini ýerine ýetirmek bilen, ol ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir» diýip belleýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilip, ak ýollar Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uzaýar.

Diýarymyzda ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiliginiň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine hem kybap gelýändigini bellemek gerek. Yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ynam bildirýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, deň hukuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagy muny aýdyň subut edýär. Şeýle hem ýokary tehnologiýalaryň ösen döwründe milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde howa ulaglary pudagynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçmek möhümdir. Bu pudagyň alyp barýan işleriniň netijesinde içerki hem-de halkara ugurlarda ýolagçy gatnawlarynyň we ýük daşamagyň möçberi gün-günden artyp, milli ykdysadyýetimiziň hil taýdan ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny berkidýär. Bu ugurda ulag ulgamynyň goşýan goşandy uludyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bagtyýar günlerinde hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, hususanda, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiligini amala aşyrmaga we söwda alyş-çalşygyny artdyrmaga uly goşant goşýar. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna uly ynam bilen barýan, türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Jennet Ataýewa,

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat Halkara howa menziliniň howa hereketini guramagyň Bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň gözegçilik we meýilleşdirmek boýunça dispetçeri, KA-nyň işjeň agzasy.

Şeýle hem