Ýurdumyzyň ulag pudagyna degişli düzümler milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmak, halkaragatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegini üpjün edýär. Şeýle işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gurulýan awtomobil, deňiz-derýa, howa, demir ýol ulgamlary diňe Türkmenistan döwleti üçin bähbitli bolman, Gündogar we Günbatar ýurtlary üçin hem derwaýysdyr.
Ulag pudagy ykdysadyýetiň ähli bölekleriniň özara baglanyşygyny üpjün edýän esasy pudaklaryň biridir. Ulag aragatnaşyklary ýurduň ähli sebitlerini birleşdirip, ony dünýä jemgyýeti bilen baglanyşdyrýar we global ykdysady ulgama integrasiýa etmekde möhüm orny eýeleýär. Ulag pudagynyň ösüş derejesi ýurduň tehnologik öňegidişliginiň we medeni ösüşiniň möhüm görkezijisidir. Bu babatda Türkmenistan ulag ulgamynyň köpugurly düzümine eýedigini, ýagny awtomobil, howa, deňiz-derýa, demir ýollary arkaly ýolagçylaryň gatnadylyşynyň, ýükleriň daşalyşynyň möçberleriniň yzygiderli artmagy, milli ykdysadyýetimizde bu pudagyň paýynyň artýandygynyň görkezijisidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky başlangyjy, milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Bu ýol köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, häzirki zaman şertlerinde Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de şol ýurtlaryň dünýä ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam etmelidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek ugrunda alyp barýan işleri dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy. Ýokary depginli ykdysady ösüşi gazanmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, bazar ykdysady özgertmeleri giňden ornaşdyrmakda, ýurduň sebitleriniň we pudaklarynyň gyradeň ösüşini gazanmakda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini hem aýratyn bellemek gerek.
Türkmenistan diňe Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşbini dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, iri halkara logistika merkezine öwrülip, sebitdäki iň möhüm ulag çatrygyna öwrülýär. Bu maksatnamalar ýurduň amatly geografik ýerleşişi, wajyp başlangyçlary öňe sürýän we olary ilerletmek üçin amatly çäreleri görýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe ilerleýän ulag syýasaty netijesinde yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň halkara ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi, üstaşyr geçirijilik kuwwatynyň artmagyna, ýurdumyzda öndürilýän, importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümlerdir harytlaryň dünýä bazarlaryna bökdençsiz ugradylmagyna, şeýle hem üstaşyr geçýän ýükleriň barmaly nokadyna gysga wagtda barmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy, Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Içerki hem-de halkara ugurlarda ýolagçy gatnatmakda we ýük daşamakda howa ýollaryna wajyp orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz bu pudagy döwrebaplaşdyrmak meselelerine, şol sanda nawigasiýa düzüminiň ösüşine we ýolagçylara hyzmat etmek ulgamyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi, milli ykdysadyýetiň has-da kuwwatlanmagy üçin Berkarar döwletimizi ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Laçyn Eýýupowa,
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň, Howa ulaglarynyň hünärmenlerini taýýarlaýan bölüminiň usulyýet hünärmeni.