Atmosferany arassa saklamak

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda tebigaty goramak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Degişli kanunçylyk namalary kabul edilýär, ekologik ýagdaýa gözegçilik etmek boýunça mehanizmler hereket edýär.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaklyga, bioköpdürlüligi üpjün etmek hem-de ekologiýa abadançylygy meselelere, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere hormatly Prezidentimiz aýratyn üns berýär. Şeýlelikde, halkara gatnawlaryň ýerine ýetirilmeginiň netijesinde atmosfera taşlanýan parnik gazlarynyň we kömür turşy gazlarynyň hasaby alnyp barylýar we bu maglumatlar Ýewropa Bileleşigi hemde IСAO guramasyna hasabat hökmünde her ýyl yzygiderli iberilýär.

Raýat awiasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleriň biri, atmosferany arassa saklamakda yzygiderli çäreleriň geçirilmeginiň zerurlygy. Bu çäreler şulardan ybarat:

— ähli halkara gatnawlarda zyňyndylary gözegçilikde saklamak;

— awiasiýanyň işjeňliginiň netijesinde atmosfera edilýän zyňyndylaryň azaldylmagy boýunça Ýewropa Bileleşigi tarapyndan edilýän talaplaryň we halkara guramalar bilen özara işjeňliginiň durmuşa geçirilmegi boýunça zyňyndylaryň söwdasynyň guramaçylygy hakyndaky Kioto teswirnamasyna we ICAO guramasynyň kararlaryna salgylanýan, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan yzygiderli edilýän köp sanly tabşyryklaryň Türkmenistanyň RA tarapyndan ýerine ýetirilýändigine subutnama hökmünde, IСAO guramasynyň CCR (COR SIA Central Registry) sahypasyna ähli halkara gatnawlarda emele gelýän zyňyndylar hakyndaky hasabatlary ugratmak.

Howanyň akustiki taýdan hapalanmagy. Awiasiýa güwwüldisi – howa menziline ýanaşyk ýerlerde ilatyň awiasiýa oňaýsyz garaýşynda iň möhüm faktor. Bu töwerekde ýaşaýanlaryň köpüsi, howa menziliniň işgärleri we ýolagçylary onuň täsiri astyna düşýär. Awiasiýa güwwüldisi adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär (köplenç, eşidişiň peselmegi, biynjalyk ýagdaýlar, ünsi jemlemek bilen baglanyşykly meseleler).

Suwuň hapalanmagy. Howa menzillerinde reaktiw ýangyjyň, çalgy ýaglarynyň we beýleki himiki serişdeleriň giňden ulanylmagy sebäpli suwuň ep-esli hapalanmagyny döredip biler. Howa menzillerinde himiki dökülmeleriň öňüni almak we ýüze çykýan dökülmeleri azaltmak üçin, döküliş gözegçilik desgalary we degişli enjamlary (meselem, wakuum ýük awtoulaglary, sorujylar/absorbent) gurulýar.

Sowuk howa şertlerinde howa gämileriniň işlenip taýýarlanylmagynda dürli çäreler (de-icing/anti-icing), ýagny buzlanma garşy suwuklyklaryň ulanylmagy, suwuň hapalanmagyna hem sebäp bolup biler, uçarlara ulanylýan suwuklyklaryň köpüsi soň ýere siňip, derýalara ýa-da kenarýaka suwlaryna düşüp biler.

Infrastruktura üçin ýer ulanylyşy. Howa menziliniň binalary, howa gämileriniň ýörediş ýodalary we uçuş-gonuş zolaklary ekoulgamymyzyň bir bölegini eýeleýär. Emma howa gämileriniň hereketleriniň aglaba bölegi howada belentlikde amala aşyrylýar, şonuň üçin duýgur tebigat ýa-da adam bilen göni täsirleşmekden uzakda.

Howanyň üýtgemegi. Ýangyç bilen bagly adamyň amala aşyrýan ähli çäreleri ýaly, awiasiýanyň köp görnüşi kömür turşy gazyny (CO2 ) beýleki parnik gazlaryny atmosfera çykarýar, bu bolsa global ýylylygyň çaltlaşmagyna we (CO2 ýagdaýynda) ummanyň kislotalylygynyň ýokarlanmagyna eltýär.

Asyryň ortalaryna çenli bütin dünýäde we biziň ýurdumyzda çak edilýän howa gatnawynyň göwrüminiň yzygiderli ösmegi şertlerinde, halkara RA-nyň ekologik işjeňliginiň täze ugurlary emele geldi:

* howa gatnawlarynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny kadalaşdyrýan täze halkara daşky gurşaw howpsuzlygy boýunça standartlarynyň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi;

* howa gatnawynyň ýangyç netijeliliginiň ýylda yzygiderli ýokarlanmagy (2050-nji ýyla çenli ýylda azyndan 2 göterim);

* awiasiýa tehnikasynyň ekologiýa taýdan tas arassa ýangyç görnüşlerine geçirilmegi;

* esasan hem awiasiýa tehnologiýasynyň akustiki kämilliginiň görkezijilerini hasaba almak bilen, gije howa menzillerinde awiasiýa güwwüldisiniň derejesiniň peseldilmegi.

Raýat awiasiýasynyň ekologik işjeňliginde täze ugurlar inžener-tehniki çözgütleriň, awiasiýa tehnikanyň ulanyş usullarynyň hemişe kämilleşdirilmegi, şol sanda howa hereketini dolandyrmagyň, şeýle hem awiasiýa tehnikasynyň ekologiýa taýdan has ösen täze howa gämileri bilen yzygiderli çalyşmagy arkaly amala aşyrylýar.

Laçyn Dadekowa,

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Uçuşlaryň howpsuzlygynyň standartlary müdirliginiň Howa gämileriniň uçuşlara ýaramlylyk bölüminiň esasy ekolog-inspektory, KA-nyň işjeň agzasy we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň işjeň agzasy

Şeýle hem