2025-nji ýylyň netijeleri Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüş ýolunda ynamly öňe barýandygyny görkezdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejesinde saklandy. Bu durnuklylygyň özenini düzýän pudaklaryň hatarynda ulag we aragatnaşyk toplumy aýratyn orun tutýar. Ulag ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgininiň 113,2 göterime deň bolmagy, ýurdumyzyň sebit we halkara ähmiýetli logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornunyň barha berkidýändigini tassyklaýar. Raýat awiasiýasy pudagynda «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça gazanylan 108,6 göterimlik ösüş bolsa, howa ulaglarynyň ykdysadyýetimiziň iň okgunly ösýän ugurlarynyň biridigine şaýatnamadyr.
2025-nji ýylda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde uly ädimler ädildi. Balkanabat şäherinde täze Halkara howa menziliniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi ýylyň iň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. ICAO we IATA-nyň ýokary standartlaryna laýyk gelýän bu menzil, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenip, sebitiň syýahatçylyk we ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem Kerki, Türkmenabat we Aşgabat halkara howa menzilleriniň maddy binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň howa giňişliginiň halkara gatnawlar üçin özüne çekijiligini has-da ýokarlandyrdy.
Häzirki zaman awiasiýasyny sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. 2025-nji ýylda Aşgabat halkara howa menzilinde ýolagçylar üçin içerki WiFi ulgamy arkaly häzirki zaman multimediýa platformasynyň işe girizilmegi hyzmatlaryň hilini täze derejä çykardy. Ýolagçylara hödürlenýän elektron neşirler, saz we film kataloglary syýahatçylaryň wagtyny manyly geçirmegine şert döretdi. Bu täzeçillik diňe bir amatlylyk däl, eýsem ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçmek strategiýasynyň awiasiýa pudagyndaky anyk miwesidir.
2026-njy ýyl üçin tassyklanan durmuş-ykdysady ösdürmek we maýa goýum Maksatnamasy awiasiýa pudagynyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Bu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdiriljek 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlaryň ep-esli bölegi ulag düzümlerini kämilleşdirmäge harçlanar.
2026-njy ýylda raýat awiasiýasynyň öňünde duran esasy wezipeler halkara gatnawlaryň gerimini giňeltmekden hem-de ykdysady taýdan amatly bolan täze howa ugurlaryny açmakdan, howa gämileriniň parkyny iň täze we tygşytly uçarlar bilen yzygiderli doldurmakdan, IT meýdançalaryny döretmek we emeli aň tehnologiýalaryny pudaga ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmekden, şeýle hem howa menzilleriniň ýük kabul etmek mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly üstaşyr ýük dolanyşygyny ösdürmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň raýat awiasiýasy 2026-njy ýyla uly ynam we anyk maksatnamalar bilen gadam goýýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän ýurdumyz, häzirki zaman howa menzilleri we döwrebap awiaparky arkaly Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan iň ygtybarly ulag halkasyna öwrülmegini dowam etdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň ulag syýasaty netijesinde amala aşyrylýan bu özgertmeler, diňe bir ykdysady bähbitleri däl, eýsem sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge hem hyzmat edýär.