Türkmenistan halkara howa gatnawynyň esasy üstaşyr nokadyna öwrülýär

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen amala aşyrylýan üstaşyr gatnawlaryň sanyny artdyrýarlar we ýangyç guýmak üçin ýurduň howa menzillerinden has işjeň peýdalanýarlar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat Halkara howa menziliniň Howa hereketini guramagyň Bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri Hajymämmet Nyýazgeldiýewiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda bellenilýär.

Hajymämmet Nyýazgeldiýewiň bellemegine görä, daşary ýurtly gatnadyjylar döwrebap nawigasiýa infrastrukturasynyň netijesinde Türkmenistanyň üsti bilen ugry saýlap alýarlar. Ýurduň howa menzilleri Fransiýanyň «Thales» kompaniýasynyň howa hereketini dolandyrmak baradaky innowasion radiolokasiýa we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Howa hereketini dolandyryş gullugy dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýasynyň uçarlaryna hyzmat edýär.

2016-njy ýylda açylan we Merkezi Aziýada öňdebaryjy tehnologik toplum hökmünde ykrar edilen Aşgabat Halkara howa menzili uçarlaryň islendik görnüşini kabul etmäge we sagatda 1 müň 600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda 50-den gowrak halkara ylalaşyga gatnaşýar, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň agzasydyr we Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlygy agentligi bilen hyzmatdaşlyk edýär. Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollarynyň ornaşdyrylmagy awiaaragatnaşygyň ýygylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

 

Çeşme: «Нейтральный Туркменистан» gazeti

 

Şeýle hem