Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglary pudaklaryny ösdürmek, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça uzak möhletleýin strategiýa durmuşa geçirilip, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbidine ulag diplomatiýasy ilerledilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 2-nji maýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny has-da berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Raýat awiasiýasy döwletimiziň ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolup, ol, öňi bilen, ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrýar, şonuň ýaly-da, halkara giňişlige goşulyşmaga ýardam berýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasynyň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, howa menzillerinde öňdebaryjy usullary ulanmaga gönükdirilen işler depginli alnyp barylýar. Raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täzeleri gurulýar.
Bu ugurda gatnaşyklar daşary ýurtlar bilen baglaşylan halkara ylalaşyklaryň, raýat awiasiýasy pudagyndaky halkara konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu pudak dürli ylalaşyklaryň 50-den gowragyna gatnaşýar. Şeýle hem Türkmenistan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň, Howa giňişligini ulanmak geňeşiniň we Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr. Ýurdumyz uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Ýewropa agentligi bilen bilelikde hereket edýär.
Soňky ýyllarda howa ulaglary pudagynyň ýerüsti düzümi has-da pugtalandyryldy. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen Aşgabadyň Halkara howa menzili Merkezi Aziýada öňdebaryjy tehnologik toplum hasaplanýar. Onuň eýeleýän meýdany 1200 gektara barabar bolup, 100-den gowrak, şol sanda 48 iri desgany özünde jemleýär. Sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen howa menzili Diýarymyzyň milli howa ulaglary ulgamynyň ösüşini üpjün etmäge, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary, syýahatçylygy ösdürmäge ukyplydyr. 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenabat şäherinde sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen döwrebap Halkara howa menzili toplumy açyldy. Bu howa menzili dürli görnüşdäki uçarlary kabul etmäge, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge niýetlenendir. Özboluşly binagärlik çözgüdi, has takygy, ýolagçy terminalynyň ägirt uly ýyldyzyň şekilinde örtüginiň bolmagy Türkmenabadyň howa menziline Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun almaga mümkinçilik berdi. Lebap welaýatynyň iri senagat merkezleriniň biri bolan Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek, goňşy döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretdi. Balkanabat Halkara howa menziliniň açylmagy milli raýat awiasiýasyny ösdürmekde möhüm waka bolmak bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.
Hormatly Prezidentimiziň döwrebap howa menziliniň açylyş dabarasynda: «Taryhda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, şeýle-de söwda gatnaşyklaryny berkitmekde wajyp wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz täze ulag üpjünçilik desgalaryny gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary giň gerim bilen gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär» diýip bellemek bilen, täze Halkara howa menziliniň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltjekdigine, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretjekdigine berk ynam bildirdi.
Bu howa menzili iň ýokary halkara howpsuzlyk we hil standartlaryna laýyk gelýär. Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO), Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA), Mýunhen Halkara howa menziliniň hem-de taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşan «Al-Hatmi Consulting» kompaniýasynyň güwänamalary täze desganyň möhüm talaplary ödeýändigini subut edýär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir. Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallaryň, petek satylýan kassalaryň, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglarynyň, internet kafeniň, sowgatlyk dükanyň, garbanyşhananyň, tehniki otaglaryň we beýlekileriň bolmagy onda ähli zerur şertleriň, mümkinçilikleriň jemlenendiginden habar berýär. Toplumyň düzüminde menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar üçin niýetlenen awtoulag duralgalary hem bar. Täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalardyr öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilipdir.
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen, sebitiň möhüm ulag halkasyna hem-de iri logistika merkezine öwrülýär. Oňyn başlangyçlary öňe sürýän hem-de olary amala aşyrmakda giň gerimli işleri üstünlikli alyp barýan hormatly Prezidentimiziň ulag syýasaty netijesinde howa ulaglary pudagy uly ösüşe eýe bolýar. Ýurdumyzyň howa gämileri toplumynyň üsti iň täze uçarlar bilen doldurylýar. Ýük daşamak işini amala aşyrmak üçin täze ugurlar açylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara ölçeglere doly laýyk gelýän ýokary hilli ulag hyzmatlaryny hödürleýär, olaryň ygtybarlylygy üpjün edilýär. Diňe bir paýtagtymyzyň Halkara howa menzili däl, eýsem, sebitleriň howa menzilleri hem islendik kysymly we ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr. Howa ulagy arkaly halkara gatnawlaryň giňeldilmegi, awiaparkyň üsti täze uçarlar bilen ýetirilip durulmagy strategik häsiýete eýe bolup, ykdysady we üstaşyr bähbitleri gazanmaga gönükdirilendir. Munuň özi diňe ykdysady gatnaşyklary däl-de, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny hem pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Muhammetrahym ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Çeşme: Türkmenmetbugat