Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen
«Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda uçarmanlary taýýarlamak
boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Ähtnama
laýyklykda taraplar «Flydubai» ygtyýarnama merkezinde uçarmanlar üçin okuw
hyzmatlaryny bermek mümkinçiligine garamakçy. Okuw «Boeing 737» kysymly uçarda
geçiriler.
«Türkmenhowaýollary»
agentligi «Boeing 737» kyysmly uçarlary üçin uçarmanlary taýýarlamak boýunça
degişli tarap bilen uzakmöhletli işleşmek isleýär.
«Flydubai» Ýakyn Gündogardaky iň
uly awiakompaniýalaryň biridir. Kompaniýanyň ýokary derejeli uçarmanlary
ýetişdirmekde hem baý tejribesi bar. Munuň üçin onuň binýady döwrebap okuw
merkezleri bilen üpjün edilendir.
Özara
düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda
raýat awiasiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimdir.