Aşgabat şäherine Mýanmanyň Premýer-ministri geldi

Mýanmanyň Premýer-ministri Nýo Soe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin 11-nji dekabrda Aşgabada geldi.

Mýanmanyň Premýer-ministriniň sapary hem döwletleriň, halkara guramalaryň we bilermenler jemgyýetleriniň liderlerini dünýäde özara ynanyşmagy berkitmek, parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir meýdança jemlejek Aşgabat forumyna halkara derejede uly üns berilýändigini tassyklaýar.

Premýer-ministr Nýo Soe halkara forumyň dialog medeniýetini, parahatçylykly gatnaşyklary we sebitleýin durnuklylygy ösdürmäge gönükdirilen umumy we ýöriteleşdirilen mejlislerine gatnaşar.

Şeýle hem