Türkmenbaşy Halkara howa menzili «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin gelen myhmanlary garşylady.
Awazanyň türkmen kenary forumyň ilkinji myhmanlaryny türkmen myhmansöýerliginiň däplerine laýyklykda garşylady. Forumyň myhmanlarynyň hatarynda:
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa;
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň başlygy Saida Mirziýoýewa;
Katar döwletiniň daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministriMarýam bin Ali bin Naser Al-Misnad;
BMG-nyň Ženewadaky edarasynyň baş direktory Tatýana Walowa;
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Žanna Çefranowa;
TÜRKSOÝ-yň başlygy Aktota Raimkulowa;
Lion işewürlik mekdebiniň (Emlyon Business School) ýolbaşçysy Erwe Dias;
Belarusyň Çagalar gaznasynyň başlygy Lýudmila Kondraşowa;
Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik ösüş ministri Dato Şri Haja Nensi Şukri;
San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira Almeýda du Sakramentu duş Santuş Lourensu;
Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri Dogdurkul Kendirbaýewa we beýlekiler bar.
Bu halkara maslahat dünýäniň dürli ýurtlaryndan geljek hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlär. Forum diňe pikir alyşmak bilen çäklenmän, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek boýunça täze başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik döreder.
Forumyň çäklerinde guraljak çykyşlar, tejribe alyşmalar we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny giňeltmegiň täze gapylaryny açar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini has hem artdyrar.