Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew 21-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Halkara ýük howa gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini, logistika babatda özüne çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Munuň özi halkara ýük howa daşamalary ulgamynda Watanymyzyň ornuny berkitmekde möhüm ädimleriň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge, logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.