Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy we dostlukly döwletiň Baştutanynyň Türkmenistana sapary başlandy.
Ermenistanyň Prezidenti Aşgabatda iri halkara foruma, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän beýleki dabaraly çärelere gatnaşar.
Prezident Waagn Haçaturýanyň Aşgabada sapary däp bolan dostluk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklaýar.