«Türkmenistan» awiakompaniýasy» meşhur ýol ugrunyň hyzmatyny gowulandyrmak maksady bilen, içerki ugurlaryň uçuş tertibinde geçirilen üýtgeşmeler barada habar berdi.
Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça T5-245 belgili goşmaça gündelik uçuş girizilýär. Uçuş wagty — 14:30, gonuş wagtda — 15:30. Şeýlelikde, 12-nji dekabra çenli bu ugur boýunça her gün üç uçuş (T5-241, T5-245 we T5-247) ýerine ýetirilýär.
Üýtgeşme T5-113 belgili Aşgabat – Daşoguz gatnawyna hem degişlidir.
12-nji dekabra çenli bu uçar her gün gatnar, 13-nji dekabrdan başlap bolsa uçuşlaryň sany hepdede dört gezek — duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri — ýerine ýetiriljek görnüşde üýtgediler.
Aşgabat – Mary, Aşgabat – Türkmenabat, Aşgabat – Balkanabat, Aşgabat – Kerki hem-de bu ugurlaryň yzyna gaýdýan uçuşlarynyň tertipleri öňküsi ýaly üýtgewsiz galýar.