”Türkmenhowaýollary” döwlet gullygynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde ICAO TRAINAIR PLUS maksatnamasy boýunça birinji tapgyryndaky sertifikaty almak üçin 2025-nji ýylyň 14-17-nji apreli aralygynda ICAO tarapyndan okuw mekdebiniň ýeten derejesine baha bermek üçin daşary ýurtly myhmanyň gatnaşmagynda barlag boldy. Bu barlagyň netijesinde Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi üstünlikli geçdi we ICAO TRAINAIR PLUS maksatnamasy boýunça birinji tapgyryndaky sertifikatyna eýe boldy.
ICAO TRAINAIR PLUS maksatnamasy boýunça birinji okuw TRAINING DEVELOP COURSE 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 13-23-i aralygynda geçirilen okuwa ”Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň we Aşgabat halkara howa menziliniň, ”Türkmenistan” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şeýle hem Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň birnäçe agzybir hünärmenleri gatnaşdylar.Trainaing Develop Course maksady ”Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň işgärlerini ICAO halkara derejesinde hünärmenleri kämilleşdirmek, standarta laýyk getirmek üçin bu okuwlar gurnalýar. ICAO TRAINAIR PLUS maksatnamasy boýunça ikinji okuw Training Instructor Course 2025-nji ýylyň 27-31-nji oktýabry aralygynda dowam etdi. Bu okuwa ”Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Gurnalýan okuwlaryň esasy maksady hünärmenleriň halkara derejesindäki instruktorlyk sertifikatyny alyp, geljekde daşary ýurt raýat awiasiýasynyň hem-de ”Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň raýat awiasiýasynyň beýleki hünärmenlerini taýýarlamak hukuguna eýe bolarlar.
”Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde ýokary derejede geçirilýän okuwlaryň gurnalmagyna ýol açan Arkadagly Serdarymyza, hormatly Arkadagymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys.Goý, olaryň janlary sag, ömürleri üzak, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaç bolsun!
Çeşme: “Türkmenhowaýollary” Döwlet gullygynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi