Türkmenistana «Airbus» kompaniýasynyň ýük gämisi gelip gowuşdy

Çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyp, hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Maksatnama laýyklykda, raýat awiasiýasyny ösdürmek üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri gurulýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, şeýle hem ýurdumyzyň howa gämileriniň parky giňeldilip, dürli görnüşli ýokary amatlyklary bolan täze, döwrebap ýolagçy we ýük howa gämileri yzygiderli satyn alynýar. Şu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň çäginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda çykaran degişli kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda iki sany «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli ýük uçaryny satyn almak barada şertnama baglaşyldy.

Meşhur «Rols-Roýs» kompaniýasynyň 2 sany Rols-Roýs Trent 700 herekentlendirijisi ornaşdyrylan uçaryň uçuş uzaklygy 13 408 km ýetip, 55 000 kg çenli dürli göwrümli ululykdaky ýükleri bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.

2023-nji ýylyň 17-nji martynda «Airbus» kompaniýasynyň «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli bir sany täze ýük howa gämisi Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy. Ikinji ýük howa gämisi bolsa ýakyn wagtlarda ýurdumyza getiriler. Ýeri gelende bellesek, bu uçar Merkezi Aziýada ulanylýan şeýle görnüşli uçarlaryň ilkinjisidir.

Hormatly Arkadagymyzyň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň has eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň nobatdaky subutnamasydyr.

Häzirki zaman ýük howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkymyzyň halkara howa ýük gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge amatly şertleri döreder.

Halkara ülňülerine laýyk gelýän täze howa menzilleriniň toplumlarynyň gurulmagyna, täze howa gämileriniň yzygiderli satyn alynmagyna aýratyn ähmiýet berip, milli raýat awiasiýa pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge ýakyndan ýardamberýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň hemişe janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Şeýle hem